- telpek
- Deriden, baganadan tikilip, kellä geýilýän geýim.∙ Onuň tüýi ösgün gara telpegi mydama başyndady. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)∙ Köne donuny agajyň başyna bürärdi, telpegi hem üstünden geýdirip, onsoň uklardy. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)Ýazuw düzgüni: Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, k sesi g sesine öwrülýär.Meselem telpek - telpegi.◊ telpegi agan — Öň öýlenip, dul galan.∙ Telpegi agan aýypjagazy bar. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)◊ telpegi göge zyňmak — Gaty begenmek, guwanmak, şatlanmak.◊ telpek goýmak — Biriniň bir käre, bir zada ökdeligine boýun bolmak.∙ Bä, şu wagtyň bilgiçlerine telpek goýýaýmaly! (B. Kerbabaýew, Nebitdag)
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.